äkitmek

äkitmek
işlik
Bir zady ýa-da birini özüň bilen alyp gitmek, özüň bilen alyp barmak, eltmek.
∙ Çarwa Mergen bulary ýaýla äkitmäge boýun bolupdyr. (B. Gurbanow, Çarwa Mergeniň Gürrüňi)
∙ Ony her biri diýen ýaly ýekän-ýekän öýlerine çagyryp äkiderdi. (H. Ysmaýylow, Powestler)
∙ Ol yk tarapa bakyp duran ýerinden hemme kuwwatyny ýygnap, zarp bilen ätmekçi boldy weli, çäge goşantly ýel donuň we köýnegiň içine doldy-da, ony ýuwaşlyk bilen ýerden göterip äkitdi. (B. Seýtäkow, Saýlanan eserler)
Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, t sesi d sesine öwrülýär.
Meselem äkitmek - äkidýär, äkider, äkidipdir.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Поможем написать реферат

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»